Ulagly ekspedirlemek

Ulagly ekspedirlemek

Ekspedirlemek diýlip ýüküň ýanynda bolmak bilen daşamagyň görnüşine düşünilýär. Munuň özi buýruja daşamak bilen baglanyşykly meseleleriň köp sanlysyny ýeňip geçmäge kömek edýär.

Ulagly ekspedirlemek — munuň özi doly ýüküň ýanynda bolmakdyr we şunuň bilen baglanyşykly ähli hyzmatlardyr. Ekspedirlemegi amala aşyrýan hünärmen ynanç haty boýunça ýüki alýar we resmileşdirýär, mundan beýläk onuň özi ony alyja eltýär.

Ýükleri daşamak – munuň özi çylşyrymly proses bolup, ol anyk ýagdaýlara we buýurmanyň özüne bagly dürli hereketleriň toplumyny öz içine alýar. Ýüki ýöne almak üçin dogry resmileşdirilen resminamalar gerek. Munuň üstesine-de ýüküň her bir görnüşi daşamagyň dürli usullaryny, dürli gaby, daşamagyň şertlerini we düşürmek hem-de ýüklemek üçin esbaplary talap edýär. Serhediň üstünden daşamak ýaly meseleler hem ýüze çykýar, bu ýerde serhediň kesişýän ýurtlarynyň kanunçylygyna görä daşaýjy tarapyndan belli bir hereketler talap edilýär.

Bularyň hemmesi hünärli taýýýarlygy talap edýär we köplenç bu meseleler prosesi birnäçe güne çekdirýär. Şeýle meseleleriň ýüze çykmazlygy üçin ulag ekspedirlenmegi ulanylýar. Bu hyzmatlary buýurmak hem-de resmileşdirmek üçin ýüküň gidýän bütin ýoly üçin diňe bir nakladnoýy resmileşdirmek gerek, ýük üçin resminamalary resmileşdirmek bilen ähli inçelikleri eýýäm biziň hünärmenimiz öz üstüne alar, ol Siziň buýurmaňyzy ekspedirlär. Köplenç ekspedirlemek haçan-da harydy «gapa çenli» eltmek gerek bolan halatlarynda buýrulýar. Şeýle buýurmalar çylşyrymly logistik zynjyry we daşamagyň birnäçe görnüşlerinden durýan toplumy talap edýär, bu bolsa resminamalaryň köp möçberi bilen işi, suwasty daşlarynyň we garaşylmadyk wakalaryň köp sanlysyny aňladýar. Şeýle halatda ekspeditor-hünärmeniň hyzmatlaryny peýdalanmak amatlydyr.

«Tekiz Yol» kompaniýasy hünärli, tejribeli ekspeditorlaryň hyzmatlaryny teklip edýär, olaryň her biriniň baý tejribesi we daşamak üçin Siziň çykdajylaryňyzy ýokary derejede amatlaşdyrmak we barjak nokadyna çenli gidýän ýoluny sowatly düzmek üçin giň logistik bilimleri bardyr. Biz ýükleriň ekspedirlenilmegi bilen baglanyşykly hyzmatlaryň tutuş spektoryny berýäris.

Eger Sizde ulagly ekspedirlemek hakynda goşmaça sowallar ýüze çyksa, biziň menejerlerimiz bilen baglanyşmagyňyzy haýyş edýäris. Biz Siziň ähli sowallaryňyza jogap bereris!

Рассчитайте стоимость перевозки уже сейчас

Узнайте предварительную цену на перевозку Вашего груза, воспользовавшись Online-калькулятором

Узнать цены